Prezident Erdogan Ýaponiýanyň Premýer ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Ýaponiýanyň Premýer ministri Kisida Fumio bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1807646
Prezident Erdogan Ýaponiýanyň Premýer ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanata görä telefon söhbetdeşliginde Türkiye-Ýaponiýa gatnaşyklaryny ösdürjek ädimler we Russiýa-Ukraina söweşi başda bolmak bilen sebitleýin meseleler maslahatlaşyldy. 

Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde Türkiye-Ýaponiýa Ykdysady hyzmatdaşlyk ylalaşygynyň iň gysga wagtda netijelendirilmeginiň peýdaly boljakdygyny belläp, energiýa, azyk, oba hojalyk, döwrebap tehnologiýa, goranmak we älem senagaty ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini işjeň ýagdaýda getirmek isleýändiklerini mälim etdi. 

24-nji fewraldan bäri dowam edýän Russiýa-Ukraina söweşiniň hem üstünde durulyp geçilen telefon söhbetdeşliginde, Erdogan od açmazlyk baradaky ylalaşygyň güýje girmegi we ynsanperwer koridorlaryň açylmagy bilan bagly tagallalaryny dowam etdirýändiklerini habar berdi. 



Degişli Habarlar