Prezident Erdogan, Serp Kärdeşini Gutlady

Prezident Erdogan, Wujiji Serbiýanyň Prezidenti wezipesine ýaňadandan saýlanmagy bilen gutlady

1807095
Prezident Erdogan, Serp Kärdeşini Gutlady

Prezident R. T. Erdogan, Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wujiji wezipesine ýaňadandan saýlanmagy bilen gutlady.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Prezident Erdogan, Serp kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Prezident Erdogan, Wujiji Serbiýanyň Prezidenti wezipesine ýaňadandan saýlanmagy bilen gutlady we saýlawyň netijesiniň Serbiýanyň halky üçin düşümli bolmagyny diledi.

Erdogan, uzak ýyllardan bäri dowam edýän dostlugyň we ýakyn hyzmatdaşlygyň, Wujijiň täze döwründe hem içgin ýagdaýda has-da pugtalanjakdygyna ynanýandygyny belledi.

24-nji fewraldan bäri dowam edýän Russiýa-Ukraina söweşiniň tutum sebite ýaramaz täsirini ýetirýändigini nygtan Erdogan, parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin ähli taraplaýyn tagalla etmäge dowam edýändiklerini nygtady.

 



Degişli Habarlar