Owganystana ugradylýan Ýagşylyk otlusynyň 4-njisi şu gün ýola çykar

Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasy (AFAD) Owganystana ynsanperwer kömek ugratjak Ýagşylyk otlusynyň 4-nji saparynyň şu gün ýola çykjakdygyny mälim etdi

1803748
Owganystana ugradylýan Ýagşylyk otlusynyň 4-njisi şu gün ýola çykar

AFAD tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda, BMG-na görä Owganystanda 24,4 million adamyň kömege mätäçdigine, 12 milliondan gowrak çaganyň bolsa azyk önümlerini almakda kynçylyk çekýändigine ünsler çekilip, şol ýagdaýa biperwaý garamaýan türk milletiniň goldawy bilen Owganystan üçin kömek mobilizasiýasynyň başladylandygy habar berildi. 

Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň buýrugyna laýyklykda AFAD-yň koordinasiýasy esasynda bir ýere jemlenen raýat jemgyýetçilik guramalarynyň goldawy bilen başladylan "Owganystana Ýagşylyk otlusy taslamasynyň" çäginde ýanwar we fewral aýlarynda 3 otly saparynyň guralandygy ýatladylan beýanatda, jemi 3 otly bilen jemi 2 müň 663 tonna ynsanperwer kömegiň Owganystana ugradylandygy beýan edildi.  

Beýanatda şu gün ýola çykjak Ýagşylyk otlusynyň 4-nji sapary bilen 1478 tonna azyk, egin-eşik, ýorgan, saglygy goraýyş we arassaçylyk serişdelerinden ybarat 68 konteýneriň Owganystana ýetiriljekdigi habar berildi. 



Degişli Habarlar