Altun: "F-35-ler we Patriotlar şertsiz ýagdaýda berilmelidir" diýdi

Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, F-35 harby uçarlaryň we Patriot howa goranyş ulgamlarynyň Türkiýä şertsiz ýagdaýda berilmelidigini nygtady

1801242
Altun: "F-35-ler we Patriotlar şertsiz ýagdaýda berilmelidir" diýdi

Amerikan Wall Street Journal gazedi üçin makala ýazan Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, gazediň ABŞ-nyň Merkezi Razwedka gullugynyň ozalky ýolbaşçysy we Russiýa we Ýewraziýa hünärmeni Paul Kolbe tarapyndan ýazylan we 18-nji martda çap edilen "Türkiýäniň rus howa goranyş ulgamlary Ukrainany gorap biler" atly makalasynyň üstünde durup geçdi. 

Kolbe makalasynda: "ABŞ rus harby uçarlaryna garşy Türkiýäniň elindäki S-400-leri Ukraina ugratmagyna kömek etsin. Onuň ýerine bolsa türklere täze bir alternatiwa hödürläp F-35-leri ugartmaga başlasyn. Bu bolsa şol bir wagtda ABŞ-Türkiýe gatnaşyklaryň düzelmegine itergi berer" diýip belläpdi. 

Altun bolsa ady agzalan makala beren jogabynda: "Jenap Kolbe Türkiýäniň rus S-400 howa goranyş ulgamlaryny Ukraina ugratmagynyň gerekdigini belleýär. Şu gün hakykata bap gelmeýän bu pikir, Türkiýäniň soňky wagtlarda Günbatar bilen başdan geçirýän meseleleri maslahatlaşmak üçin bir mümkinçilik hödürleýär" diýip nygtady. 

Fahrettin Altun Türkiýäniň Russiýadan S-400-leri satyn almak karary bilen baglanşykly ABŞ tarapyndan berilen ähli beýanatlarda, Türkiýäniň ilki bilen ABŞ bilen gepleşikler geçirendigini, emma ABŞ-nyň Patriot ulgamlaryny satmagy ret edendigini görmediksirändigine ünsleri çekdi. 

NATO-daky hyzmatdaşlaryň arasyndaky goranmak bilen bagly hyzmatdaşlygyň syýasylaşdyrylmagynyň Türkiýäniň täze göçümlere iterendigini aýdan Altun: "Türkiýäniň syýasy sebäpler bilen F-35 programmasyndan hukuga ters ýagdaýda çykarylmagy, beýanatlara çynlakaý çemeleşmegini kynlaşdyrýar. Beýleki tarapdan Türkiýe Günbataryň päsgelçiliklerine garamazdan, Ukrainanyň inwentarynyň bir bölegi bolan Baýraktar ýaragly uçarmansyz howa ulaglaryny oýlap tapdy we öndürdi" diýip habar berdi. 

Fahrettin Altun, Türkiýe bilen aralaryndaky gatnaşyklary kadalaşdyrmagyň Günbataryň we esasan hem ABŞ-nyň jogapkärçiligindedigini beýan etdi. 

Altun: "Hormatly Kolbeniň S-400 argumentini özgertmek üçin Günbataryň etmeli zady, F-35 harby uçarlaryny we Patriot batareýalaryny Türkiýä şertsiz ýagdaýda bermelidir" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar