Türkiýe Bilen Pakistanyň Arasyndaky Gatnaşyklary Ösdürmäge Dowam Ederis

Ibrahim Kalyn, Pakistanyň Prezidentiniň Milli howpsyzlyk boýunça kömekçisi Moeed Ýusuf bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

1800915
Türkiýe Bilen Pakistanyň Arasyndaky Gatnaşyklary Ösdürmäge Dowam Ederis

Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahim Kalyn, Pakistanyň Prezidentiniň Milli howpsyzlyk boýunça kömekçisi Moeed Ýusuf bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Kalyn bilen Ýusuf, telefon söhbetdeşliginde Ukraina krizisi, Owganystanda başdan geçirilýän soňky wakalar we sebitara meseleler hakynda pikir alyşdy.

Telefon söhbetdeşligi barada berlen beýannamada, “Türkiýe bilen dost we doganlyk ýurt Pakistanyň arasyndaky özara gatnaşyklara garalan telefon söhbetdeşliginde syýasy, ykdysady we harby ugurda edilýän hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmäge dowam etjekdigi nygtaldy.



Degişli Habarlar