Prezident Erdogan Belgiýa Gitdi

Erdogan, NATO agza ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň nobatdan daşary ýagdaýda geçiriljek liderler maslahatyna gatnaşar

1800909
Prezident Erdogan Belgiýa Gitdi

Prezident R. T. Erdogan, NATO agza ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň nobatdan daşary ýagdaýda geçiriljek liderler maslahatyna gatnaşmak we özara duşuşyklar geçirmek üçin Belgiýanyň paýtagty Brýussele gitdi.

Maslahatda 24-nji fewraldan bäri dowam edýän Russiýa-Ukraina söweşi we NATO-nyň ýüzöwürdüjilik we goranyş ulgamynyň güýçlendirilmegi üçin görüljek çäreler ara alnyp maslahatlaşylar.

Maslahatyň çäginde şeýle hem iýun aýynda geçirilmegi meýlleşdirilýän Madrit sammitinde kabul ediljek kararlar ara alnyp maslahatlaşylar.

Prezident Erdoganyň maslahata gatnaşýan ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlary bilen özara duşuşyk geçirmegine garaşylýar.

 



Degişli Habarlar