Erdogan Immigrantlaryň Saglygy Boýunça Maýa Goýumlaryň Möhümdigini Beýan Etdi

Prezident R.T.Erdogan immigrantlaryň saglygy boýunça goýuljak maýa goýumlaryň çydamly, giň gerimli, utgaşykly we deňligi goldaýan jemgyýetleriň goldaýjy güýji boljakdygyny beýan etdi.

1797212
Erdogan Immigrantlaryň Saglygy Boýunça Maýa Goýumlaryň Möhümdigini Beýan Etdi

Erdogan; “İmmigrantlaryň saglygyny üns berilmeýän dünýäde durnukly galkynyş maksatlary we ähliumumy saglyk üpjünçiliginiň iş ýüzüne geçirilmegi mümkin däldir” diýdi.

Erdogan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň we Saglygy goraýyş ministliginiň bilelikde guran Ýewropa sebiti boýunça Migrasiýa we saglyk temaly ýokary derejeli maslahatyna ugradan wideo ýüzlenmesinde Kowid-19 pandemiýasynyň esasanda jemgyýetiň ejiz gatlaklaryna ýetiren zeperiniň agyr bolandygyna ünsi çekip; “Şübhesiz bularyň başynda-da ýurtlaryny terk etmeli bolan immigrantlar we bikanun bosgunlar durýar. Göçen ýurtlardan onsuz hem agyr şertlerde ýaşamaga çalyşýan immigrantlar, pandemiýa bilen birlikde hasam ünsden düşürilip, çetleşdirildi. Hat-da alalama sezewar boldular. Bosgunlaryň köp sanly ýurtda iňnän çäkli bolan başlangyç saglyk üpjünçiliklerine elýeterlilik hukugy gynansagam bu döwürde iňňän azaldy” diýdi.

Prezident Erdogan Türkiýäniň adamzadyň we umumy adamzat gymmatlylarynyň uly synagdan geçen agyr günlerinde öz raýatlaryna birinji derejeli saglyk hyzmatlaryny beren bolsa, elinde bar bolan şertleri degişli adamlara bermekden hem çetde durmandygyny nygtady.

Pandemiýanyň agyr günlerinde Türkiýä ýüz tutan 160 ýurda we 12 halkara gurama lukmançylyk enjamlaryny we möhüm beýleki enjamlary berendiklerini aýdan Erdogan; “Ýurdumyzda myhman bolýan immigrantlary öz raýatlarymyz bilen bilelikde, her bir adamyň saglyk hyzmatlaryna elýeterliligini üpjün etdik. BMG-niň yglan eden hiç kimiň gyrakladylmazlygy” kadasyny ilkinji gününden başlap gyşarnyksyz berjaý etdik.

Şu günki güne çenli siriýaly doganlarymyza saglyk merkezlerimizde 96,7 million kliniki hyzmat bilen 3,1 million ýatakly jaýly bejergi hyzmatyny berdik. Hassahanalarymyzda 2,6 million operasiýa edildi. Milli sanjym maksatnamamyza laýyklykda 8,7 million doza sanjym etdik.

Dil we medeniýet bökdençliginiň ortadan aýrylmagy bilen başlangyç we goraýyjy saglyk üpjünçiliklerine elýeterliligiň ýaýbaňlandyrylmagy üçin degişli halkara guramalarynyň goldaw bermeginde 29 welaýatymyzda 185 immigrant saglyk merkezini açdyk. Serhetlerimiziň aňyr tarapynda iňňän agyr şertlerde ýaşaýan 5 million siriýala ýardam elimizi uzatdyk” diýdi.

Prezident Erdogan pandemiýadan agyr zyýan çeken sebitlerden başlap sanjym kömegini berendiklerini ýatladyp; “3-nji Türkiýe-Afrika Hyzmatdaşlyk Sammitinde söz berilen 15 million doza sanjymy afrikaly doganlarymyza tapgyrlaýyn görnüşde ýetirmäge dowam edýäris. Ýerli sanjymymyz “TURKOWAK-a” bolan islegleri hem bu tapgyrda kanagatlandyrmaga çalyşýarys” diýdi.

Pandemiýanyň global ulgamdaky adalatsyzlyklary we ýalňyşlyklary ýene-de bir gezek ýüze çykarandygyny görendiklerini beýan eden Erdogan; “İmmigrantlaryň saglygy boýunça goýuljak maýa goýumlar çydamly, giň gerimli, utgaşykly we deňligi goldaýan jemgyýetleriň goldaýjy güýji bolar. Immigrantlaryň saglygyna üns bermeýan dünýäde durnukly galkynyş maksatlary we ähliumumy saglyk üpjünçiliginiň iş ýüzüne geçirilmegi mümkin däldir” diýdi.”

 



Degişli Habarlar