Türk Daşary işler ministri daşary ýurtly kärdeşleri bilen telefon arkaly gürrüňdeş boldy

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Belarussiýanyň Daşary işler ministri Wladimir Makeý bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1795264
Türk Daşary işler ministri daşary ýurtly kärdeşleri bilen telefon arkaly gürrüňdeş boldy

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden berilen beýanata görä, Mewlüt Çawuşoglynyň kärdeşi Wladimir Makeý bilen geçiren telefon gürrüňdeşliginde Ukrainadaky ýagdaý bilen ikitaraplaýyn we sebitleýin meseleler ara alynyp maslahatlaşyldy. 

Ministr Mewlüt Çawuşogly Gruziýanyň Daşary işler ministri Dawid Zalkaliani bilen hem telefon arkaly söhbetdeş boldy. 

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden berilen beýanata görä, telefon söhbetdeşliginde Ukrainadaky ýagdaý we gelejekde guralmagy meýilleşdirilýän saparlar bilen ikiçäk gatnaşyklar ele alyndy. 

Mewlüt Çawuşogly şu gün şeýle hem Kataryň Daşary işler ministri Şeýh Muhammed bin Abdurrahman Al Sani bilen telefon arkaly gürrüňdeş boldy. 



Degişli Habarlar