Türkiýe Erbile Guralan Hüjümleri Ýazgardy

Türkiýe Yragyň Erbil şäherine ballistiki raketalar bilen guralan hüjümi ýazgardy.

1794555
Türkiýe Erbile Guralan Hüjümleri Ýazgardy

Daşary işler ministri Erbile guralan raketa hüjümleri boýunça ýazmaça beýannama çap etdi.

Beýannamada; “Yragyň Erbil şäherine şu gün irden ballistiki raketalar bilen guralan hüjümleri ýazgarýarys. Yrakda parahatçylygy we durnuklylygy bozmagy nazarda tutýan şeýle aksiýalar asla kabul edilmez” diýilýär.

Beýannamada Türkiýäniň terrorizme garşy göreşde Yragy goldamaga dowam etjekdigi nygtalýar.

Yragyň Kürt Awtanomiýasy Erbile Yragyň daşyndan 12 ballistiki raketa bilen hüjüme sezewar bolandygyny, hüjümde bir adamyň ýeňil ýaralanandygyny habar beripdi.



Degişli Habarlar