Diýarbakyrda Eren Gyş-31 operasiýasy başladyldy

Diýarbakyr welaýatynda ekstremist terror guramasy PKK-a garşy Eren Gyş-31 operasiýasy başladyldy

1794317
Diýarbakyrda Eren Gyş-31 operasiýasy başladyldy

Türkiýäniň Içeri işler ministrliginden berilen beýanata görä, terror guramasy PKK-ny ýurdyň güntertibinden çykarmak we sebitde bardygy kesgitlenen terrorçylary täsirsiz ýagdaýa getirmek maksady bilen Diýarbakyr welaýatynda Eren Gyş-31 (Diýarbakyr-Arykly) Şehit Žandarma seržant Mehmet Çelik atly operasiýa başladyldy. 

Operasiýa 1130 harby gullykçy bilen 73 operatiw işgär gatnaşýar. 

Beýanatda ýurdyň içinde terroryň dolulygyna ortadan aýrylmagy üçin geçirilýän Eren Gyş operasiýalarynyň halkyň goldawy bilen ynanç we tutanýerlilik bilen dowam etdirilýändigi mälim edildi. 

 



Degişli Habarlar