Germaniýanyň Federal Kansleri Türkiýä Ilkinji Saparyny Gurar

Olaf Şols Türkiýede saparda bolar

1792640
Germaniýanyň Federal Kansleri Türkiýä Ilkinji Saparyny Gurar

Germaniýanyň Federal-Kansleri Olaf Şols 14-nji martda resmi sapar bilen Ankara geler.

Germaniýanyň Federal kansleriniň resmi saparynyň çäginde paýtagt Ankarada Prezident R. T. Erdogan bilen duşuşmagy meýilleşdirilýär.

Olaf Şols bilen Erdoganyň özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara meseleler hakynda pikir alyşmagyna garaşylýar.

Ady agzalýan sapar 2021-nji ýylyň 8-nji dekabrynda wezipesine başlan Olaf Şolsyň Türkiýä gurajak ilkinji sapary bolar.



Degişli Habarlar