Gruziýanyň Saglygy Goraýyş Ministri Türkiýede Saparda Bolýar

Ministr Koja Gruziýanyň Saglygy goraýyş ministri Zurab Azaraşwili bilen duşuşandygyny mälim etdi.

1792661
Gruziýanyň Saglygy Goraýyş Ministri Türkiýede Saparda Bolýar

Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja resmi sapar bilen Türkiýä gelen Gruziýanyň Saglygy goraýyş ministri Zurab Azaraşwili bilen duşuşdy.

Ministr Koja sosial mediadan beren habarnamasynda, paýtagt Ankarada Gruziýanyň Saglygy goraýyş ministri Zurab Azaraşwili bilen duşuşandygyny mälim etdi.

Gruziýaly kärdeşi bilen Türkiýäniň saglygy goraýyş ulgamynda gazanan tejribeleri hakynda pikir alyşandygyny ýatladan Koja “Lukmançylyk enjamlary kömegi we derman üpjünçiligi bilen birlikde dünýäniň çar tarapyndan geljek hassalaryň bejerilmegi meselesinde hyzmatdaşlyk etmäge dowam ederis” diýdi.

 



Degişli Habarlar