Türkiýe Hojaly Genosidi Sebäpli Azerbaýjana Duýgudaşlyk Bildirdi

Daşary işler ministrligi Hojaly genosidiniň 30 ýyllygy mynasybetli ýüzlenme çap etdi.

1785950
Türkiýe Hojaly Genosidi Sebäpli Azerbaýjana Duýgudaşlyk Bildirdi

Türkiýe mundan 30 ýyl ozal dünýäniň gözüniň öňünde Hojalyda edilen wagşylykde çekilen ýitginiň henizem ýatdan çykmandygyny, doganlyk Azerbaýjanyň gussasyny çuňňur bölüşýändigini beýan etdi.

Daşary işler ministrligi Hojaly genosidiniň 30 ýyllygy mynasybetli ýüzlenme çap etdi.

Ýüzlenmede Ermenistanyň harby güýçleriniň 1992-nji ýylyň 26-njy fewralynda Azerbaýjanyň Garabag Awtanomiýasynda ýerleşýän Hojaly etrapçasyna eden hüjümlerinde köp sanly çaga we zenan bilen birlikde 613 azerbaýjanlynyň gyrylandygy we ýüzlerçesiniň ýaralanandygy ýatladylýar.

Ýüzlenmede müňden gowrak adamyň ermeni güýçleri tarapyndan ýesir alynandygyny beýan edilip; “Dereksiz ýitenler hakynda şu günki güne çenli habar ýok. 30 ýyl ozal dünýäniň gözüniň öňünde edilen wagşylyk sebäpli çekilen gam-gussa henizem unudulmady. Doganlyk Azerbaýjanyň gam-gussasyny çuňňur bölüşýäris. Hojaly genosidinde pida bolan azerbaýjanly doganlarymyza alladan rehmet dileýäris, bütin azerbaýjan halkyna duýgudaşlyk bildirip, pida bolanlary hatyralaýarys” diýilýär.



Degişli Habarlar