Türkiýe Çatda guralan hüjümi ýazgardy

Türkiýe Çad döwletinde terror guramasy Boko Haram tarapyndan guralan terrorçylykly hüjümi ýazgaryp, hüjümde ýogalan adamlaryň dogan-garyndaşlaryna gynanç bildirdi

1784950
Türkiýe Çatda guralan hüjümi ýazgardy

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda, Çadyň Çad köli sebitinde terror guramasy Boko Haram tarapyndan guralan hüjümde, 5 esgeriň ýogalandygy we köp sanda adamyň ýaralanandygy baradaky habaryň uly gynanç bilen alynandygy mälim edildi. 

Ýaralanan adamlara gyssagly şypa dilenen beýanatda: "Bu elhenç terrorçylykly hüjümi berk ýagdaýda ýazgarýarys. Hüjümde ýogalan adamlaryň maşgalalary bilen dostlukly we doganlyk Çadyň halkyna we hökümetine tüýs ýüregimizden gynanç bildirýäris we ýaralanan adamlaryň bolsa tiz wagtda sagalmaklaryny dileýäris" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar