Hulusi Akar Mýunhende saparda bolýar

Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Germaniýanyň Goranmak ministri Kristin Lambreht we Somaliniň Daşary işler ministri Abusaid Muse Ali bilen duşuşyk geçirdi

1781585
Hulusi Akar Mýunhende saparda bolýar

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Mýunhen Howpsuzlyk konferensiýasyna gatnaşmak maksady bilen giden Germaniýada ikiçäk duşuşyklar geçirmäge dowam edýär. 

Hulusi Akar, şol çäkde Germaniýanyň Goranmak ministri Kristin Lambreht we Somaliniň Daşary işler ministri Abusaid Muse Ali bilen duşuşyk geçirdi. 

Geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn, sebitleýin we global meseleler bilen, goranyş senagaty we harby tälim boýunça hymatdaşlyk mümkinçilikleri ara alynyp maslahatlaşyldy. 

Duşuşykda Akar Türkiýe bilen Germaniýanyň arasyndaky taryhy we medeni gatnaşyklaryň üstünde durup geçdi. Goranyş senagatyndaky çäklendirmeler babatynda käbir ädimleriň edilmegine garaşýandyklaryny, mundan başgada Fetullahçy terror guramasyna garşy göreşde hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerine ünsleri çekdi. 

Ministr Akar ondan soň bolsa Somaliniň Daşary işler ministri Abusaid Muse Ali bilen duşuşyk geçirdi. Geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn we sebitleýin meseleler bilen goranmak we howpsuzlyk meseleleri maslahatlaşyldy. 



Degişli Habarlar