Prezident Erdogan, Dibainiň Emiri Şyh Muhammed Bin Raşid Al Maktum Bilen Duşuşdy
Erdogan bilen Al Maktum özara duşuşykdan soň topara gepleşiklere ýolbaşçylyk etdi.
1779129

Prezident R. T. Erdogan, Birleşen Arap Emirliklerine guraýan resmi saparynyň ikinji gününde Abu Dabiden soň Dubaýa bardy.
Erdogan, Dubai EXPO-2020 Dubainiň çäginde Birleşen Arap Emirlikleriniň Premýer-ministri we Dibainiň Emiri Şyh Muhammed Bin Raşid Al Maktum bilen duşuşdy.
Erdogan bilen Al Maktum özara duşuşykdan soň topara gepleşiklere ýolbaşçylyk etdi.
Prezident Erdogan “EXPO-2020 Dubainiň çäginde Türkiýäniň milli günü mynasibetli liderlik sergi pawiýonynda myhman alynandygym sebäpli özüni bagtly hasap edýärin” diýdi.
Erdogan “Gadyrdan doganym Al Maktuma içgin myhmansöýerligi sebäpli sagbolsun aýdýaryn. Birleşen Arap Emirliklerini EXPO-2020-nyň üstünlinli ýagdaýda geçirilmegi bilen gutlaýaryn” diýip belledi.