“Daşky Gurşawy Goramak Her Bir Adamyň Esasy Jogapkärçiligi”

Prezident Erdogan “EXPO-2020 Dubainiň çäginde Türkiýäniň milli günü mynasibetli geçirlen çärä gatnaşdy.

1779238
“Daşky Gurşawy Goramak Her Bir Adamyň Esasy Jogapkärçiligi”

Prezident R. T. Erdogan, Birleşen Arap Emirliklerine guraýan resmi saparynyň ikinji gününde Abu Dabiden soň Dubaýa bardy.

Prezident Erdogan “EXPO-2020 Dubainiň çäginde Türkiýäniň milli günü mynasibetli geçirlen çärä gatnaşdy.

Erdogan çärede eden çykyşynda, Arap ýurtlaryndan birinde halkara derejesinde geçirilýän ilkinji sergi bolan EXPO-2020 Dubaini, täze ýagty geljegi birlikde gurmak üçin çagyryş hökmünde görýändiklerini nygtady.

Prezident Erdogan çykyşynda, daşky gurşawyň we saglygy goraýyş pudagynyň başda durmagynda dünýä ýurtlarynyň başdan geçirýän apatlarynyň, özlerini kynçylyklary birlikde çözmäge gönükdirýändigini belledi.

“Daşky gurşawy goramagyň her bir adamyň esasy jogapkärçiligidine ynanýarys” diýen Prezident Erdogan, “galkynyş we daşky gurşaw meselesinde alyp barýan syýasatlarymyzda tebigatyň goralyp saklanmagy üçin uly tagalla edýäris” diýdi.

Erdogan, aýaly Emine Erdoganyň goldaw bermeginde 2017-nji ýylda başladylan Hapa suwlaryň gaýtadan işlenilmegi taslamasynyň şol nukdaý nazardan diýseň möhümdigini belledi.

Erdogan, Türkiýäniň dünýäde tokaýlarynyň sanyny artdyran seýrek gabat gelýän ýurtlardan biridigine ünsi çekdi.

 



Degişli Habarlar