Prezident Erdogan Birleşen Arap Emirliklerine Sapar Gurar
Saparyň çäginde iki ýurduň arasynda 2021-nji ýylyň 24-nji noýabrynda başlan maýa goýum etabyndan soň täze şertnamalaryň baglaşylmagy meýilleşdirilýär

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Abu Dabiniň Mirasdar Şazadasy Şyh Muhammed Bin Zaýed Al Nahaýanyň 2021-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Türkiýä guran saparyndan soň fewral aýynyň 14-15-i aralygynda Birleşen Arap Emirliklerine gider.
Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanata görä, saparyň çäginde geçiriljek duşuşyklarda Türkiýe-BAE arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar ähli taraplaýyn gözden geçiriler, hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin ediljek ädimler ele alynar.
Geçiriljek duşuşyklarda ikitraplaýyn gatnaşyklar bilen birlikde parahatçylygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagy we goralmagy düşünjesiniň esasynda, sebitleýin we halkara meseleler ara alynyp maslahatlaşylar.
Saparyň çäginde iki ýurduň arasynda 2021-nji ýylyň 24-nji noýabrynda başlan maýa goýum etabyndan soň täze şertnamalaryň baglaşylmagy meýilleşdirilýär.
Prezident Erdogan mundan başgada Bütindünýä sergisi "EXPO 2020 Dubaý"-a baryp, Türkiýäniň Milli güni hökmünde kesgitlenen 15-nji fewralda Türkiýäniň sergi zalyna baryp görer.
Degişli Habarlar

Türkiyäniň Daşary işler ministri Germaniýa sapar gurar
Daşary işler ministri Hakan Fidan hem 14-16-njy fewral aralygynda geçiriljek konferensiýa gatnaşar