Prezident Erdogana dünýä liderlerinden ýagşy dilegler gelip gowuşmaga dowam edýär

Koronawirusa ýolugan Prezident Erdogana dünýä liderlerinden ýagşy dilegler gelmäge dowam edýär

1775533
Prezident Erdogana dünýä liderlerinden ýagşy dilegler gelip gowuşmaga dowam edýär

Koronawirus testi položitel çykan Prezident Rejep Taýýip Erdogana we aýaly Emine Erdogana dünýä liderlerinden ýagşy dilegler gelip gowuşmaga dowam edýär.

Abu Dabiniň Mirasdar Şazadasy Şeýh Muhammed bin Zaýed Al Nahaýan, Prezident Erdogana tiz wagtda sagalmagyny diledi. 

Prezident Erdogan Al Nahaýan bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. 

Abu Dabiniň Mirasdar Şazadasy Şeýh Muhammed bin Zaýed Al Nahaýan telefon söhbetdeşliginde Prezident Rejep Taýýip Erdogana we aýaly Emine Erdogana şypa diledi. 

Prezident Erdogan Twitter hasabyndan beren beýanatynda: "Hoşniýetliligi üçin Abu Dabiniň Mirasdar Şazadasy Şeýh Muhammed bin Zaýed Al Nahaýana hut öz adymdan hem-de aýalym Emine hanymyň adyndan minnetdarlyk bildirýärin" diýip beýan etdi. 

Prezident Erdogan Sudanyň Özygtyýarlylyk Geňeşiniň başlygy general Abdülfettah Abdülrahman al Burhan bilen hem telefon arkaly söhbetdeş boldy. 

Al Burhan Prezident Erdogana we aýaly Emine Erdogana şypa diledi. 



Degişli Habarlar