Mardin welaýatynda Eren Gyş-20 operasiýasy başladyldy

Mardin welaýatynda "Eren Gyş-20 Mardin-Ömerýan Şehit žandarma esger Harun Kahýa" operasiýasy başladyldy

1774094
Mardin welaýatynda Eren Gyş-20 operasiýasy başladyldy

Türkiýäniň Içeri işler ministrligi tarapyndan berilen beýanata görä, terrorçlary gözle-tap-ýok et taktikasy bilen täsirsiz ýagdaýa getirmek, guralmak meýilleşdirilen terrorçylykly hüjümleriň öňüni almak we sebitdäki asdudalyk we howpsuzlyk gurşawyny berkitmek maksady bilen operasiýalar dowam edýär. 

Şol çäkde Mardin welaýatynda "Eren Gyş-20 Mardin-Ömerýan Şehit žandarma esger Harun Kahýa" atly operasiýa başladyldy.

Operasiýa Mardin welaýat Žandarma serkerdeliginiň ýolbaşçylygynda, Žandarma güýçleririniň komandos toparlarynyň, Žandarma güýçleriniň Ýöriteleşdirilen toparlarynyň we Howpsuzlyk goragçylarynyň gatnaşmagynda, jemi 585 harby gullukçy gatnaşýar. 

Ministrligiň koordinasiýasynda amala aşyrylýan içerki howpsuzlyk operasiýalarynyň çäginde 7-nji noýabrda geçirilmäge başlanan Eren Gyş operasiýalarynda şu günki güne çenli 19-y öli, 1-i diri ýagdaýda jemi 20 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 



Degişli Habarlar