Milli Howpsyzlyk Geňeşiniň Maslahatyda Russiýa we Ukraina Çagyryş Berildi

Milli Howpsyzlyk geňeşiniň maslahaty Prezident Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirildi.

1769562
Milli Howpsyzlyk Geňeşiniň Maslahatyda Russiýa we Ukraina Çagyryş Berildi

Milli Howpsyzlyk geňeşiniň maslahaty Prezident R. T. Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde Prezidentiň Komplesinde geçirildi.

Milli Howpsyzlyk geňeşiniň masahatyndan soň jemleýji jarnama çap edildi.

Jarnamada, maslahatda Türkiýäniň 2021-nji ýylda milli howpsyzlygy üçin syýasy, harby we ykdysady taýdan durmuşa geçirlen işleriň ähli taraplaýyn seljerlendigi, şol çäkde 2022-nji ýylda amala aşyryljak işleriň ara alnyp maslahatlaşylandygy bellenildi.

Jarnamada mundan başgada “Milli Howpsyzlyk geňeşiniň maslahatynda Russiýa Federassiýasy bilen Ukrainanyň arasyndaky dartgynlygyň ara alnyp maslahatlaşylandygy we dartgynlygyň  hiçbir ýurduň bähbidine bolmandygyna üns çekildi we taraplara dartgynlygyň gowşamagy üçin parasatlylyk çagyryşy berildi” diýildi.

Jarnamada, Günorta Kawkazda parahatçylygyň we durnuklylygyň güýçlendirilmegi maksady bilen döredilen mehanizmleriň we edilýän tagallalaryň Türkiýäniň we Ermenistanyň başda durmagynda degişli taraplaryň içginlik bilen dowam etmeginiň ähmiýetine üns çekildi.

Milli Howpsyzlyk geňeşiniň jemleýji jarnamasynda, halkara hukugyna äsgermezçilik etmäge dowam edýän Gresiýa ýene-de bir gezek gepleşik we hyzmatdaşlyk çagyryşy berildi.



Degişli Habarlar