“Ýagşylyk Otlusy” Ankaradan Ýola Düşdi

Owganystana 750 tonna ýük alyp giden “Ýagşylyk otlusy” Ankaradan ugrady

1769273
“Ýagşylyk Otlusy” Ankaradan Ýola Düşdi
afganistan'a iyilik treni1.jpg
afganistan'a iyilik treni.jpg

Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasynyň utgaşdyrmagynda 11 ynsanperwer kömek guramasynyň Owganystanyň halky üçin ýygnan 750 tonnadan ybarat ynsanper kömek otlusynyň sapary mynasybetli taryhy Ankara otly bekedinde Içeri işler ministri Süleýman Soýlynyň, Infrastruktura ministri Adil Karaismailoglunyň we Din işleri guramasynyň Başlygy Ali Erbaşyň gatnaşmagynda dabara guraldy.

Ministr Karaismailogly dabarada sözlän sözünde Türkiýäniň ähli ejir çekýänleriň we ýagşylyga mätäçleriň ýanynda durýandygyny aýtdy.

Dost we doganlyk ýurt Owganystanyň halkynyň hem ýanynda durýandyklaryny beýan eden Karaismailogly; “2 otlymyz 47 wagondan ybart we 750 tonna barabar ýagşylyk ýüküni alyp gider. Otlular 4,168 kilometr ýol geçer. Eýranyň, Türkmenistsanyň üstaşyr Owganystana barar” diýdi.

İçeri işler ministri Süleýman Soýly hem Owganystsanda 12,9 million çaganyň sowuk howa şertlerinde kömege mätäçdigine ünsi çekip, dünýäniň çar tarapyndan agyr şertlerde ýaşaýan adamlaryň kömegine yglaýan we ynsanperwerligiň anynda durmagy saýlap alan Türkiýäniň owgan halkyny elmydama goldajakdygyny beýan etdi.

Soýly türk milletiniň günbatar medeniýeti ýaly wyždanyny saklan millet däldigini aýtdy.



Degişli Habarlar