Russiýanyň Ukraina Çozuş Etme we Basyp Alma Ýoluny Saýlamazlygyny Tama Edýärin
Prezident R.T.Erdogan Russiýanyň Ukraina ýaragly çozuş etme we basyp alma ýoluny saýlap almacakdygyny tama edýändigini aýtdy.

Erdogan hususy teleýaýlymlardan birinde gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda beýanat berdi.
Erdogan Russiýa-Ukraina dartgynlygy hakynda; “Liderleri (Russiýanyň we Ukraianyň döwlet Ýolbaşçylary) isleseler ýurdumyzda duşuşdyryp, parahatçylyk şertlerini ýaňadandan ýola goýulmagyna goşant goşarys” diýdi.
“Ýurdumyz Ukrainanyň territorial bitewiligine we özygtyýarlylygyna başyndan bäri goldaw berdi. Biziň bu pozisiýamyz üýtgemez” diýen Erdogan; “Russiýanyň Ukraina ýaragly çozuş etme we basyp alma ýoluny saýlap almazlygyny tama edýärin. Egerle şeýle bolaýsa, ol Russiýa we sebitimiz üçin parasatly hereket bolmaz” diýdi.
Gündogar Ortaýer deňizinde bolsa Türkiýäni gyrakladýan taslamalaryň iş ýüzüne geçirilmeginiň mümkin bolmandygyny aýdan Erdogan, Ysraýyl bilen gatnaşyklar hakynda durup geçdi.
Ysraýylly kärdeşi Ýitzak Herzogyn fewral aýynyň başynda Türkiýä sapar guramagyna garaşýandygyny nygtan Erdogan; “Şol sapar bilen birlikde Türkiýe-Ysraýyl gatnaşyklarynda täze döwür başlar” diýdi.
Degişli Habarlar

Prezident Erdogan Adanada Ýaşlar Bilen Duşuşdy
Erdogan, Türkiýäniň maksadyna ýetmeginde ýaşlaryň uly rol oýnaýandygyny belledi.