Çawuşogly Putiniň gurajak sapary barada beýanat berdi

Mewlüt Çawuşogly, metbugat ýygnagynda beýanat berdi

1769396
Çawuşogly Putiniň gurajak sapary barada beýanat berdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň Türkiýä geljek gününiň rus lideri Pekinde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan ýurduna gaýdyp geleninden soň belli boljakdygyny habar berdi. 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Orta Afrika Respublikasynyň Daşary işler ministri, Frankofon we Daşary ýurtlardaky Orta afrikalylaryň ministri Silwi Baýpo Temon bilen paýtagt Ankara şäherinde geçirilen duşuşygyndan soň metbugat ýygnagyna gatnaşdy. 

Mewlüt Çawuşogly, metbugat ýygnagynda Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň, Türkiýä çakylygyny kabul eden Putiniň sapary barada beren beýanatynda: "Strategik hyzmatdaşlyk maslahaty üçin Erdogan Putini Türkiýä çagyrdy. Ýanwar aýy bolmady. Kreml Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň Türkiýä geljek gününiň rus lideriň Pekinde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan ýurduna gaýdyp geleninden soň belli boljakdygyny habar berdi" diýip mälim etdi. 

Russiýa-Ukraina dartgynlygy bilen baglanşykly Çawuşogly: "Pikirlerimizi aýdyp geçdik. Bular ýaly dartgynlygyň çaknyşyga öwrülmezliginiň gerekdigini aýtdyk. Biziň arzuwymyz bu dialogyň dowam etmegi" diýip aýan etdi. 

Ermenistan bilen başladylan we Azerbaýjan tarapyndan goldanýan kadalaşma tapgyrynyň ynam artdyryjy ädimler bilen dowam edýändigini aýdan Çawuşogly, şol çäkde Türkiýe bilen Ermenistanyň ýörite wekilleriniň ilkinji duşuşygyny Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde geçirendiklerini ýatlatdy. 

Çawuşgoly ýörite wekilleriň aragatnaşyk içindediklerini, mundan soňky maslahatyň nirde geçiriljekdigini bilelikde karara berjekdiklerini beýan etdi. 



Degişli Habarlar