Süleýman Soýlu nemes kärdeşi Faýzer bilen duşuşyk geçirdi
Içeri işler ministri Süleýman Soýlu Germaniýanyň Federal Respublikasynyň Içeri işler ministri Nensi Faýzer bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirdi

Türkiýäniň Içeri işler ministrliginden berilen beýanata görä, Süleýman Soýlu nemes kärdeşini wezipä täze bellenmegi mynasybetli gutlady.
Süleýman Soýlu, howpsuzlyk we terrora garşy göreş başda bolmak bilen iki ýurdyň Içeri işler ministrlikleriniň arasynda netijeli we konstruktiw dowam edýän hyzmatdaşlyk we dialog mehanizminiň öňmizdäki tapgyrda hem has güýçli gatnaşyklar we hyzmatdaşlyklar bilen giňeldiljekdigine ynanýandygyny beýan etdi.
Duşuşykda mundan başgada bikanun migrasiýa garşy göreş, Türkiýe bilen ÝB-niň arasynda 2016-njy ýylda baglaşylan 18-nji mart ylalaşygy, Owganystandaky soňky ýagdaý, terrora garşy göreş ýaly güntertipdäki meseleler ara alynyp maslahatlaşyldy.
Degişli Habarlar

Türkiýe, Yrakda Guralan Terrorçylykly Hüjümi Ýazgardy
Türkiýe terrora garşy göreşde dost we goňşy ýurt yragyň halkyna we hökümetine goldaw berýär

Yragyň demirgazygynda şehit bolan esgerleriň sany 5-e ýetdi
Bejergi astyndaky ýene-de 1 esgeriň ýogalmagy bilen şehit bolan esgerleriň sany 5-e ýetdi