Birleşen Arap Emirliklerine we Saud Arabystanyna Guralan Hüjümler Ýazgaryldy

Türkiýe, Birleşen Arap Emirliklerine we Saud Arabystanyna guralan hüjümleri ýazgardy

1767393
Birleşen Arap Emirliklerine we Saud Arabystanyna Guralan Hüjümler Ýazgaryldy

Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, “24-nji ýanwarda balistiki raketalar we uçarmansyz howa ulaglary bilen Birleşen Arap Emirliklerine we Saud Arabystanyna guralan terrorçylykly hüjümleri ýazgarýarys. Halkara hukugyna bap gelmeýän şuňa meňzeş hüjümleriň gyssagly bes edilmegini talap edýäris” diýildi.

Saud Arabystany, Jazan sebitine guralan we iki adamyň ýaralanmagyna sebäpli bolan hüjümiň Ýemendäki Husiler tarapyndan guralandygyny mälim edipdi.

Birleşen Arap Emirlikleri hem Husileriň atan iki balistiki raketasynyň howa goranyş ulgamlary arkaly täsirsiz ýagdaýa getirlendigini habar berdi.



Degişli Habarlar