“Türkiýäniň Ösüşine Goşant Goşmak Isleýäris”

Salwadoryň Prezidenti Naýib Bukele, Türkiýäniň çalt depginde ösýändigini we dünýäde täsiriniň güýçlenjekdigini belledi

1766061
“Türkiýäniň Ösüşine Goşant Goşmak Isleýäris”

Salwadoryň Prezidenti Naýib Bukele, Türkiýäniň çalt depginde ösýändigini we dünýäde täsiriniň güýçlenjekdigini görýändiklerini nygtap “Türkiýäniň ösüşine goşant goşmak isleýäris” diýdi.

Prezident R. T. Erdogan bilen Salwadoryň Prezidenti Naýib Bukele, Prezidentiň Komplesinde geçirlen özara we toparara gepleşiklerden soň metbugata beýannama berdi.

Türkiýä uly ähmiýet berýändiklerini we Türkiýäniň çalt depginde ösýändigini görýändiklerine ünsi çeken myhman Prezident Bukle, “Türkiýe uly ösüş edýär we muny görýäris. Geljekde has-da güýçlener. Biz hem Türkiýäniň ösüş depginine goşant goşmak isleýäris” diýip belledi.



Degişli Habarlar