Erdogan: Parahatçylyk Üçin Töwellaçy Bolarys

Prezident R.T.Erdogan Russiýa-Ukraina düşnüşmezligi hakynda: “Parahatçylyk üçin töwellaçy bolarys” diýdi.

1766492
Erdogan: Parahatçylyk Üçin Töwellaçy Bolarys

Erdogan Stambulda gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda beýannama ebrdi.

Prezident Erdogan: “Russiýa-Ukraina dünüşmzligi boýunça eger basyp alma ýa-da urşuň turmagy sebitiň asudalyk üçin agyr zarba bolar” diýdi.

“Ol sebiti düýpli biynjalyk edişi ýaly 40 milliona barabar ilaty bolan Ukraina bilen Russiýanyň arasynda biynjalyklygyň ýüze çykmagyny biz asla kabul etmeýäris” diýen Erdogan; “Türkiýäniň Russiýa bilen gatnaşyklary bar. Ol syýasy, harby, medeni we beýleki ugurlarda Türkiýe-Russiýa gatnaşyklary günsaýyn ösýär. Ukraina bilen hem edil şonuň ýaly. Bu oňyn şertleriň biz Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda ýaramazlaşmagyny kabul etmeýäris” diýdi.

Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda parahatçylygyň höküm sürmegine Türkiýäniň töwellaçy boljakdygyny aýdan Erdogan; “Bu meselede biziň borjumyz näme bolsa oňa taýýardygymyzy ozalam beýan edipdim. Golaýda Ukraina saparym bar. Beýleki tarapdan hormatly Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik ýa-da Moskwa sapar guralyp bilner. Biz sebitde parahatçylygyň höküm sürmegini isleýäris. Biz elimizden gelenem etmage taýar” diýdi.



Degişli Habarlar