Ermensitana we Erbile Uçar Gatnawy Başlar

Türkiýeden Ermenistana we Yragyň Erbil şäherine uçar gatnawynyň başlajakdygyny habar berildi.

1764911
Ermensitana we Erbile Uçar Gatnawy Başlar

Ulaglar we infrastruktura ministrliginden berilen ýazmaça beýannamada, Türkiýe bilen Ermenistanyň arasyndaky gepleşikleriň dowam edýändigi, şuňa laýyklykda ikitaraply uçar gatnawlarynyň başlamagy hakynda karara gelinendigi habar berildi.

Raýat awiasiýasy Baş müdirliginden Pegasus howaýollaryna Stambulyň Sabiha Gökçen-Ýerawan ugry boýunça hepdede 3 uçuşa rugsat berilendigine üns çekilýän beýannamada; “Ermenistan tarapynda Flý One Armenia howaýollaryna bolsa Ýerawan-Stambul ugry boýunça hepdede 3 uçuş etmäge rugsat berildi. Gazanylanan ylalaşyga görä ilkinji saparlar 2-nji fewralda ikitaraply görnüşde başlar. Flý One Armenia uçary Türkiýe wagty boýunça sagat 19:50-de Stambul howa menziline gonar. Pegasus uçary bolsa şol gün Türkiýe wagty boýunça 23:35-de Sabiha Gökçen adyndaky howa menzilinde uçar” diýilýär.

Yragyň Erbil şäherine hem uçuşlaryň başlajakdygyna üns çekilen beýannamada; “Anadolužet howaýollarynyň Gaziantep-Erbil ugry boýunça uçuşlary 24-nji ýanwarda başlar. Ikitaraply uçuşlar hepdede iki gün- duşenbe we penşenbe günleri- amala aşyrylar” diýilýär.



Degişli Habarlar