Erdogan Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beýanat berdi

Prezident Erdogan Türkiýäniň Owganystana azyk, egin-eşik we lukmançylyk enjamlaryndan ybarat jemi 700 tonnalyk ynsanperwer kömegini daşaýan ýagşylyk otlusyny ugratjakdygyny habar berdi

1765475
Erdogan Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beýanat berdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, paýtagt Ankara şäherindäki Prezidentiň Kompleksinde geçirilen MInistrler kabinetiniň mejlisinden soň beýanat berdi. 

Erdogan Owganystanda 13 milliony çaga bolmak bilen jemi 19 milliona golaý adamyň azyk ýetmezçiligini başyndan geçirýändigini belläp: "Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasynyň (AFAD) koordinasiýa etmeginde 10 Raýat jemgyýetçilik guramasynyň goldaw bermeginde bu ýurda 700 tonnalyk azyk, egin-eşik, lukmançylyk enjamy önümlerini daşaýan ýagşylyk otlusyny ugratmaga taýarlanýarys. Raýat jemgyýetçilik guramalary we raýatlarymyz tarapyndan üpjün ediljek şol ynsanperwer kömekleri Owganystana ugradarys" diýip habar berdi. 

Ýewropa we ABŞ başda bolmak bilen dünýäniň Koronawirus epidemiýasynyň Omikron görnüşine garşy göreş alyp barýandygyny aýdan Prezident Erdogan: "Saglygy goraýyş ulgamymyz gerek bolan islendik zerurlygy üpjün etjek güýje eýedir. Turkowak sanjymymyz bilen özümizi indi has hem arkaýyn duýarys. Türkiýe ýakyn wagtda nesip bolsa bu ugurda möhüm bir merkez ýagdaýyna öwrüler" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar