Terrora garşy göreş giň gerimli dowam etdirilýär

Siriýanyň demirgazygyndaky Parahatylyk Çeşmesi operasiýasy sebitine od açan we girmäge synanyşan ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 7 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1764995
Terrora garşy göreş giň gerimli dowam etdirilýär

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanatda: "Siriýanyň demirgazygyndaky Parahatylyk Çeşmesi operasiýasy sebitindäki asudalyk we howpsuzlyk gurşawyny bozmak isleýän terrorçylara garşylyk görkezilmäge dowam edilýär. Parahatylyk Çeşmesi operasiýasy sebitine od açan we girmäge synanyşan ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 7 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip habar berildi. 

Beýleki tarapdan edilen tagallalaryň netijesinde ekstremist terror guramasy PKK-a agza ýene-de 1 terrorçy Howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi.

Içeri işler ministrliginden berilen beýanata görä, guramanyň boýun egen agzasynyň guramanyň hataryna 2019-njy ýylda goşulandygy we Siriýada iş alyp barandygy anyklandy.

Şu ýylyň başyndan bäri Howpsuzlyk güýçlerine boýun egen terrorçylaryň sany 4-e ýetdi. 



Degişli Habarlar