Mustafa Şentop Resmi Sapar Bilen Doha Bardy

Şentop, paýtagt Dohada Al Sani bilen duşuşdy.

1765128
Mustafa Şentop Resmi Sapar Bilen Doha Bardy

Resmi sapar bilen Katara giden Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Mustafa Şentop, Kataryň Emiri Şyh Temim Bin Hamed Al Sani bilen duşuşdy.

Emirlik Diwanyndan berlen ýazmaça beýannama görä, Şentop, paýtagt Dohada Al Sani bilen duşuşdy.

Duşuşykda Katar bilen Türkiýäniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk bilen birlikde birnäçe mesele ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şentopuň Şura Mejlisiniň Başlygy Hassan bin Abdullah Al Ganim we Kartaryň Premýer-ministri we Içeri işler ministri Şeýh Halid bin Halifa bin Abdulaziz Al Tani bilen duşulmagy meýilleşdirilýär.

TBMM-niň Başlygy Mustafa Şentopuň soň bolsa Doha institutyna baryp görmegine we “Täze dünýä tarap: Dostluklar, ýaranlyklar, hyzmatdaşlyklar” temaly doklad bilen çykyş etmegi meýilleşdirilýär.

 

 



Degişli Habarlar