Kalyn: "Erdogan birnäçe hepdäniň dowanynda Ukraina gider" diýdi

Prezidentiň Metbugat sekretary Ibrahim Kalyn, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň birnäçe hepdäniň dowamynda Ukraina sapar gurap, ýurdyň Döwlet ýolbaşçysy Wladimir Zelenskiý bilen duşuşyk geçirjekdigini habar berdi

1765135
Kalyn: "Erdogan birnäçe hepdäniň dowanynda Ukraina gider" diýdi

Ibrahim Kalyn, "Circle Foundation" tarapyndan onlaýn görnüşde geçirilen Russiýanyň we Ukrainanyň arasyndaky dartgynlygyň Ýewropa we NATO bolmagy ähtimal täsirleri temaly maslahatda çykyş etdi. 

Ibrahim Kalyn, Russiýanyň Ukraina garşy harby operasiýasynyň netijeleriniň uly we yza gaýtaryp bolmajak derejede boljakdygyny belläp, Türkiýäniň meseläniň çözüwi üçin her dürli roly eýelemäge taýardygyny habar berdi. 

Meseläniň eýýäm ençeme wagt bäri güntertipdedigine we dartgynlygyň artýandygyna ünsleri çeken Ibrahim Kalyn, Türkiýäniň hem hadysalara uly alada bilen ýakyndan gözegçilik edýändigini, şol dartgynlyklaryň ýanynda riskleriň hem bardygyny beýan etdi. 

Türkiýäniň Ukrainada ýa-da Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda islendik harby operasiýa, çaknyşyk ýa-da söweş islemeýändigini aýdan Ibrahim Kalyn: "Ukrainanyň territorial bütewiligini, syýasy özygtyýarlylygyny we sosial bütewiligini doly ýagdaýda goldaýarys" diýip habar berdi. 

Ankaranyň täze bir söweş görmek islemeýändigini, Siriýada, Yrakda we dünýäniň beýleki ýerlerinde ýeterlik derejede ony görendigini aýdan Ibrahim Kalyn taraplaryň ikisinide sowukganlylyga çagyrdy.  

Meseläniň çözgüdi üçin Türkiýäniň edýän tagallarynyň hem üstünde durup geçen Ibrahim Kalyn, Prezident Erdoganyň hem Russiýanyň Döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putin hem-de Ukrainanyň Döwlet ýolbaşçysy Wladimir Zelenskiý bilen söhbetdeş bolandygyny belläp: "Erdogan hatda isleseler ikisinide Türkiýä gelmäge, aralaryndaky meseleleri we tapawutlylyklary çözmek üçin maslahatyň geçirilmegine çagyrdy. Türkiýe Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky dartgynlygy azaltmak üçin her dürli roly eýelemäge taýardyr. Muny hem Russiýanyň hem Ukrainanyň dosty hem-de NATO hyzmatdaşy hökmünde ýerine ýetireris" diýip mälim etdi. 

Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň birnäçe hepdäniň içinde Ukraina sapar gurap, ýurdyň Döwlet ýolbaşçysy Wladimir Zelenskiý bilen duşuşyk geçirjekdigini aýdan Ibrahim Kalyn: "Şol bir wagtda netijeleri uly boljak we yza gaýtaryp bolmajak islendik harby operasiýadan saklanmak üçin ruslar bilen ýakyn aragatnaşykda bolarys" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar