Prezident Erdogan Albaniýada saparda bolar
Prezident Erdogan şu ýylyň ilklinji daşary ýurt saparyny Albaniýa amala aşyrar

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Albaniýanyň Premýer ministri Edi Ramanyň çaklylygyna laýyklykda şu gün Albaniýa sapar gurar.
Saparyň çäginde geçiriljek duşuşyklarda, strategik hyzmatdaşlyk derejesindäki Türkiýe-Albaniýa gatnaşyklary ähli taraplaýyn gözden geçiriler, hyzmatdaşlygyň giňldilmegi üçin edilip bilinjek ädimler ara alynyp maslahatlaşylar.
Geçiriljek duşuşyklarda ikitaraplaýyn gatnaşyklar bilen birlikde sebitleýin we halkara meseleler barada pikir alyşylar.
2019-njy ýylda Albaniýada başdan geçirilen ýer titremede öýlerinden mahrum bolan maşgalalar üçin Türkiýe tarapyndan Laç şäherinde gurulan öýleriň gowşurylyş dabarasy hem saparyň çäginde amala aşyrylar.
Prezident Erdogan Tirana şäherinde TIKA tarapyndan abatlanan Ethem Beg metjidiniň açylyşyna gatnaşar, Albaniýanyň mejlisinde çykyş eder.
Degişli Habarlar

Kosowanyň Goranmak Ministri Ankarada Saparda Bolýar
Ministr Akar myhman kärdeşini Milli Goranmak ministrliginde resmi dabara bilen garşylady.