Prezident Erdogan Albaniýa Bardy
Prezident Erdogan howa menzilinde Albaniýanyň Premýer-ministri Rama tarapyndan garşylandy.
1763795

Prezident R. T. Erdogan, Albaniýanyň Premýer-ministri Ramanyň çakylygyna laýyklykda resmi sapar bilen Albaniýa gitdi.
Prezident Erdogan howa menzilinde Albaniýanyň Premýer-ministri Rama tarapyndan garşylandy.
Resmi garşylama dabarasyndan soň Erdogan bilen Rama, Albaniýada 2019-njy ýylda bolan ýer titremesinde öýleri ýykylan maşgalalar üçin Türkiýe tarapyndan gurlan ýaşaýyş jaýlarynyň gowşurlyş dabarasyna gatnaşmak üçin Laç şäherine tarap ýola çykdy.
Prezident Erdoganyň resmi saparynyň çäginde özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara we halkara meseleler ähli taraplaýyn ara alnyp maslahatlaşylar.
Degişli Habarlar

Kosowanyň Goranmak Ministri Ankarada Saparda Bolýar
Ministr Akar myhman kärdeşini Milli Goranmak ministrliginde resmi dabara bilen garşylady.