Liwanyň Premýer-Ministri Türkiýede Saparda Bolar

Nejib Mikati fewral aýynda resmi sapar bilen Türkiýä geler.

1763043
Liwanyň Premýer-Ministri Türkiýede Saparda Bolar

Liwanyň Premýer-ministri Nejib Mikati fewral aýynda resmi sapar bilen Türkiýä geler.

Liwanyň Daşary işler ministrliginden berlen beýannama görä, Daşary işler ministri Abdallah Buhabib, Türkiýäniň Beýrutdaky ilçisi Ali Baryş Ulusoý bilen duşuşdy.

Buhabib bilen Ulusoýyň, Liwanyň Premýer-ministri Mikatiniň fewral aýynyň başynda Türkiýä gurajak resmi sapary hakynda pikir alyşandygy ýatladyldy.

Duşuşykda mundan başgada iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşyk, türk raýatlarynyň Liwana syýahat etmekleri üçin höweslendirilmegi we eksport meselesiniň hem ara alnyp maslahatlaşylandygy bellenildi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly 17-nji noýabrda Beýruda guran saparynyň çäginde Premýer-ministr Mikatini iki ýurduň arasyndaky özara hyzmatdaşlygyň ara alnyp maslahatlaşylmagy üçin Türkiýä çagyrypdy.



Degişli Habarlar