Türkiýe, Yrakda Guralan Hüjümleri Ýazgardy

Ýaşyl zolagy nyşana alan hüjümlere alada bildirilýändigi we hüjümleriň ýazgarylýandygy nygtaldy.

1762966
Türkiýe, Yrakda Guralan Hüjümleri Ýazgardy

Türkiýe, Yragyň paýtagty Bagdatda guralan hüjümleri ýazgardy.

Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, Bagdatda düýn we öňňin käbir syýasy partiýalaryň we daşary ýurtly ilçihanalaryň ýerleşýän ýeri bolan Ýaşyl zolagy nyşana alan hüjümlere alada bildirilýändigi we hüjümleriň ýazgarylýandygy nygtaldy.

Beýannamada hüjümlerde ýaralananlara gyssagly şypa dilendi.

Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, “Goňşymyz Yrakda hökümetiň gurulmagy baradaky işleriň ylalaşykly ýagdaýda wagtynda netijelenmegi ýurduň howpsyzlygy we durnuklylygy taýdan diýseň möhüm. Bu ynjyk etapda degişli taraplara parasatly çemeleşmeklerini maslahat berýäris” diýdi.

Beýannamada, Türkiýäniň Yragyň  howpsyzlygynyň we durnuklylygynyň üpjün edilmegi baradaky tagallara güýçli goldaw berýändigine üns çekildi.

Yragyň paýtagty Bagdatda bolan hüjümlerde 2 adamyň ýaralanandygy habar berlipdi.

 

 

 

 


Etiketkalar: #ýazgarmak , #alada , #Yrak

Degişli Habarlar