Prezident Erdogan Britaniýanyň Premýer-Ministri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Erdogan bilen Jonson, söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegi hakynda pikir alyşdy.

1762919
Prezident Erdogan Britaniýanyň Premýer-Ministri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Prezident R. T. Erdogan, Britaniýanyň Premýer-ministri Boris Jonson bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Erdogan bilen Jonson telefon söhbetdeşliginde Türkiýe bilen Britaniýanyň arasynda goranyş senagaty boýunça edilýän hyzmatdaşlygyň we söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegi hakynda pikir alyşdy.

Iki lider şeýle hem Siriýada we Ukrainada başdan geçirilýän soňky wakalary, howa çalşygyny we bosgunlar meselesini ara alyp maslahatlaşdy.



Degişli Habarlar