“Jezalandyrma Operasiýalarynda” 44 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

"Operasiýalar netijesinde gahryman esgerlerimiz 44 terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirdi. Şehitlerimiziň ganlary ýerde galmady we galmaz”

1763004
“Jezalandyrma Operasiýalarynda” 44 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Milli Goanmak ministri Hulusi Akar, Şanlyurfanyň Akçakale etrabynda guralan terrorçylykly hüjümden soň başladylan “jezalandyrma operasiýalarynda” 44 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini aýtdy.

Akar, paýtagt Ankarada Akçakale gümrük geçelgesinde guralan terrorçylykly hüjümden soň başladylan operasiýa hakynda maglumat berdi.

Terrorçylaryň hyýanatçylykly hüjümlerinde gahryman 3 esgeriň şehit bolandygyny ýatladan Akar, “Hyýanatçylykly hüjümden soň terrorçylara garşy jezalandyrma operasiýalaryny başlatdyk. Operasiýalar netijesinde gahryman esgerlerimiz 44 terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirdi. Şehitlerimiziň ganlary ýerde galmady we galmaz” diýdi.

Ministr Akar, “Guralan her bir hüjüme degişli jogaby berýäris we bermäge dowam ederis” diýip belledi.



Degişli Habarlar