Erdogan “Ýaşaýan ynsan hazynalary-Gelejege ýetirilýän mirasyň wekilleri” programmasynda çykyş etdi
Prezident Erdogan beýik we güýçli Türkiýäniň deňi-taýy bolmadyk adam hazynasyndan aljak goldawyň we josgunyň saýasynda guruljakdygyny habar berdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, düýn paýtagt Ankarada Beştepe Millet kongres we medeniýet merkezinde geçirilen “Ýaşaýan ynsan hazynalary-Gelejege ýetirilýän mirasyň wekilleri” baýrak gowşurlyş dabrasynda çykyş etdi.
Türkiýäniň BMG-nin Ylym, bilim we medeniýet düzüminiň (ÝUNESKO) 2003-nji ýylda kabul eden Konkret däl medeni miras ylalaşygyna 2006-njy ýylda goşulandygyny ýatladan Prezident Erdogan, görülen taýarlyklardan soň 2008-nji ýyldan bäri şol sanawa iň köp medeni miras goşduran ýurtlaryň hataryndadygyny habar berdi.
Türkiýäniň ÝUNESKO-nyň Konkret däl medeni miras sanawyna goşduran eserlerniiň sanyny 21-e ýetirendigini aýdan Prezident Erdogan, gazanylan üstünliklerde birligiň we jebisligiň ähmiýetine ünsleri çekdi.
Prezident Erdogan: "Öňümizdäki döwürde ussalarymyzyň we senetçilerimiziň ençeme asyrlap ýygnan tejribeleriniň ýaşadylmagyny üpjün ederis" diýip mälim etdi.
Degişli Habarlar

Türkiýäniň Prezidenti BAE-ne sapar gurar
Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan mesele bilen bagly beýanat berildi