Türkiýe ABŞ-na gynanç bildirdi
Türkiýe ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde bolan ýangynda ýogalan adamlar zerarly gynanç ýüzlenmesini çap etdi
1759955
Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda: "ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde binalaryň birinde bolan ýangynda köp sanda adamyň ýogalandygy we ençeme adamyň ýaralanandygy baradaky habary uly gynanç bilen aldyk. ABŞ-nyň halkyna we hökümetine gynanç bildirýäris, ýaralanan adamlaryň bolsa tiz wagtda sagalmaklaryny dileýäris" diýip habar berildi.
ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde binalaryň birinde bolan ýangynda 9-y çaga jemi 19 adam ýogaldy. Hassahanada bejergi astyna alynan 13 adamyň saglyk ýagdaýlarynyň bolsa tankydydygy mälim edildi.