Türkiýe Nigeriýa gynanç bildirdi

Türkiýe Nigeriýanyň Zamfara ştatynda guralan we asuda ilatdan 100-den gowrak adamyň ýogalmagy bilen netijelenen hüjümler sebäpli gynanç bildirdi

1759482
Türkiýe Nigeriýa gynanç bildirdi

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda, ýurdyň demirgazyk-günbataryndaky Zamfara ştatynda guralan hüjümlerde asuda halkdan 100-den gowrak adamyň ýogalandygy baradaky habaryň uly gynanç bilen alynandygy mälim edildi.  

Beýanatda: "Bu elhenç hüjümi berk ýagdaýda ýazgarýarys. Hüjümde ýogalan adamlaryň maşgalalary bilen dostlukly we doganlyk Nigeriýanyň halkyna we hökümetine tüýs ýüregimizden gynanç bildirýäris" diýip habar berildi. 

Nigeriýanyň ýerli metbugatynda anna güni berilen habarlarda, Zamfara ştatynda ýaragly toparlaryň obalara hüjüm guramaklary netijesinde 100-den gowrak adamyň ýogalandygy aýan edilipdi. 


Etiketkalar: #asuda ilat , #oba , #hüjüm , #Nigeriýa

Degişli Habarlar