Türkiýe magdan eksporty boýunça rekord goýdy

Fatih Dönmez, magdan eksportynyň geçen 2021-nji ýylda ondan öňki 2020-njy ýyla garanyňda 40 göterim artandygyny habar berdi

1756874
Türkiýe magdan eksporty boýunça rekord goýdy

Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez, magdan eksportynyň geçen 2021-nji ýylda ondan öňki 2020-njy ýyla garanyňda 40 göterim artandygyny belläp: "Geçen ýyl respublika taryhynyň rekordyny goýup 5 milliard 930 million dollarlyk magdan eksport edildi" diýip habar berdi. 

Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez, 2021-nji ýyl Magdan eksportynyň netijelendirme maslahatynda eden çykyşynda, geçen ýylyň energetika we magdan pudagy taýdan üstünlikli tamamlanandygyny mälim etdi. 

2021-nji ýylda altyn boýunça 7,6 milliard dollarlyk eksportyň, 5,6 milliard dollarlyk impordyň amala aşyrylandygyny aýdan Dönmez, 2009-njy ýylda 11 milliard lira bolan magdan pudagynyň Jemi içerki önüme goşan goşandynyň 2020-nji ýylda takmynan 6 esse artyp, 59,2 milliard lira ýetendigine ünsleri çekdi. 

Magdan pudagynyň 2000-nji ýylda 565 million dollar bolandygyny ýatladan Dönmez: "Geçen ýyl respublika taryhynyň rekordyny goýup 5 milliard 930 million dollarlyk magdan eksport edildi. 20 ýylda 10 esseden gowrak artyş hasaba alyndy. 2020-nji ýyldaky 4 milliard 270 million dollarlyk magdan eksporty bilen deňeşdirenimizde bolsa ýyllyk çäkde 40 göterimlik artyş hasaba aldyk" diýip habar berdi. 

Dönmez geçen ýyl magdan eksport sanawynyň ilkinji 10-lugynda Hytaý, ABŞ, Ispaniýa, Bolgariýa, Belgiýa, Italiýa, Hindistan, Şwesiýa, Germaniýa, Fransiýa ýaly ýurtlaryň bardygyny, şu ýyl bolsa Indoneziýa, Özbegistan, Gonkong, Albaniýa we Serbiýa ýaly ýurtlaryň sanawa goşulandygyny aýan etdi. 



Degişli Habarlar