Prezident Erdogan Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şolsy gutlady

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şolsy wezipä girişmegi mynasybetli gutlady

1750718
Prezident Erdogan Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şolsy gutlady

Germaniýanyň hökümetiniň metbugat geňeşçisi Şteffen Hebestraýt beren ýazmaça beýanatynda Olaf Şols bilen Rejep Taýýip Erdoganyň telefon arkaly özara söhbetdeş bolandyklaryny habar berdi. 

Şteffen Hebestraýt: "Prezident Erdogan Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şolsy wezipä girişmegi mynasybetli gutlady" diýip mälim etdi. 

Şteffen Hebestraýt: "Iki lider Türkiýe bilen Germaniýanyň arasyndaky ýakyn koordinasiýany dowam etdirmek babatynda şol bir garaýyşa eýedirler. Gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar bilen daşary syýasat bilen bagly meseleler maslahatlaşyldy" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar