Çawuşogly Wişegrad topary-Türkiýe Daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşar

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly 21-nji dekabrda Wengriýada geçiriljek Wişegrad topary-Türkiýe Daşary işler ministrleriniň 6-njy maslahatyna gatnaşar

1750149
Çawuşogly Wişegrad topary-Türkiýe Daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşar

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden maslahat bilen bagly berilen beýanatda: "Wişegrad topary (Çehiýa, Wengriýa, Polşa, Slowakiýa W4) - Türkiýe Daşary işler ministrleriniň 6-njy maslahaty 21-nji dekabrda guramanyň döwürleýin başlygy Wengriýanyň ýer eýeçilik etmeginde Budapeşt şäherinde geçiriler. Hormatly ministrimiziň gatnaşjak maslahatda Owganystan we migrasiýa meseleleri, Balkanlarda başdan geçirilýän hadysalar, Ýewropa Bileleşigine agzalyk tapgyrymyz, W4-Türkiýe gatnaşyklary we täze görnüş koronawirus epidemiýasyndan soň tiz depginli ykdysady galkynyşa goşant goşjak hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri ele alynar" diýip habar berildi. 

Beýanatda Mewlüt Çawuşoglynyň saparynyň çäginde şeýle hem kärdeşleri bilen ikiçäk duşuşyklar geçirjekdigi aýan edildi. 



Degişli Habarlar