2022-nji Ýylyň Býujeti Ýurda we Millete Düşümli Bolsun
Prezident R.T.Erdogan 2022-nji ýylyň býujetiniň ýurda we millete düşümli bolmagyny arzuw etdi
Erdogan Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň halka ýüzlenip çykyş etdi.
Prezident Erdogan geçen hepdäniň anna güni Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisinde kabul edilen 2022-nji ýylyň býujetiniň ýurda we millete düşümli bolmagyny arzuw etdi.
Býujete goşulan 67 strategik maksatnama bilen Türkiýäni maýa goýum, iş üpjümçiligi, önümçilik, eksport arkaly ösdürmek maksatlaryna goşant goşjakdyklaryny beýan eden Erdogan; “Býujetimiz täzelikçi we daşky gurşawa zyýansyz taraplary bilen öňe saýlanýar. Şu günki güne çenli bolşy ýaly, 2022-nji ýylyň býujetini hem kesgitlän girdeji we çykdajy görkezijilerine laýyklykda ýurdumyzyn maksatlaryna hem-de milletimiziň eşretli ýaşaýyşyna hyzmat etmek üçin iş ýüzüne geçireris” diýdi.
Prezident Erdogan Türkiýäniň soňky 19 ýylda ortaça 5,1 göterimlik ösüş üstünligine eýe bolan ykdysadyýetiniň bardygyny nygtady.
Erdogan demokratiýada, galkynyşda, howpsuzlykda, diplomatiýada laýyk bolan ýerini alan Türkiýäniň ykdysadyýetde-de üstünlige eýe bolmakda ygrarlydygyny aýtdy.
Degişli Habarlar

Türkiýäniň Terrorizme Garşy Göreşi Dowam Eder
Bu barasynda Türkiýäniň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili, Baş ilçi Sedat Önal beýan etdi.