Prezident Erdogan Resmi Sapar Bilen Katara Bardy

Erdogan, hormatyna berlen agşam naharyna gatnaşdy.

1743857
Prezident Erdogan Resmi Sapar Bilen Katara Bardy

Resmi sapar bilen Katara giden Prezident R. T. Erdogan, hormatyna berlen agşam naharyna gatnaşdy.

Prezident Erdoganyň hormatyna, Kataryň Emiri Şyh Temim bin Hamed Al Saniniň kakasy Emir Şyh Hamed bin Halife Al Sani tarapyndan agşam nahary berildi.

Paýtagt Dohada berlen agşam nahary metbugata ýapyk häsiýetinde geçirildi.

Nahara Prezident Erdoganyň aýaly Emine Erdogan hem gatnaşdy.

Prezident Erdoganyň Katara guraýan saparynyň çäginde özara gatnaşyklar ähli taraplaýyn ara alnyp maslahatlaşylar.

Owganystan, Siriýa we Liwiýa ýaly halkara meseleler hem saparyň gün tertibinde esasy orun eýeleýär.

Erdoganyň Katara guraýan sapary özara hyzmatdaşlygyň artdyrylmagyny maksat edinýär.

Şol çäkde Türkiýe-Katar ýokary strategik komitetiň 7-nji maslahaty geçirler.

Iki ýurduň arasynda ilkinjisi 2015-nji ýylda geçirlen komitetiň maslahatlarynda söwdadan energetika, goranyş pudagyndan senagata çenli birnäçe ugurda 62 şertnama baglaşyldy.

Erdogan bilen Al Saniniň ýolbaşçylyk etmeginde geçiriljek 7-nji maslahatyň dowamynda hem birnäçe şertnama gol çekişilmegine garaşylýar.



Degişli Habarlar