PKK-nyň welaýatdan jogapkär agzasy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Ekstremist terror guramasy PKK-nyň Gap-Ryha welaýatyndan jogapkär agzasy Rubar adyny ulanýan Ferhat Tunç täsirsiz ýagdaýa getirildi

1743893
PKK-nyň welaýatdan jogapkär agzasy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Howpsuzlyk güýçleri Şanlyurfa welaýatynyň Hajylar obasynda terrorçylaryň biriniň gizlenýändigi barada alan maglumatynyň esasynda operasiýa geçirdi. 

Howpsuzlyk güýçleriniň boýun egmek baradaky çagyryşyna od açyp garşylyk görkezen terrorçy, geçirilen operasiýa bilen öli ýagdaýda ele salyndy. 

Täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçynyň PKK-nyň Gap-Ryha welaýatyndan jogapkär agzasy Rubar adyny ulanýan Ferhat Tunçdygy anyklandy. 

Operasiýada guramanyň agzasy bilen birlikde 1 sapança, 2 granat, 1 termiki äýnek we gurama degişli resminamalar ele salyndy. 

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, Twitter hasabyndan beren beýanatynda, operasiýa geçiren howpsuzlyk güýçlerini gutlady. 



Degişli Habarlar