Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Siriýada Parahatçylyk Çeşmesi sebitine od açan we sebite girmäge synanyşan PKK/ÝPG-e agza 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1743688
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda: "Asudalyk we durnuklylyk gurşawyny bozmak maksady bilen Parahatçylyk Çeşmesi sebitine od açan we sebite girmäge synanyşan ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 4 terrorçy gahryman komandos güýçlerimiz tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip habar berildi. 

Terrora garşy göreş ýurdyň öz içinde hem dowam etdirilýär. 

Muş welaýatynda Içeri işler ministrligi tarapyndan başladylan Eren Gyş-11 Şenýaýla atly operasiýada ekstremist terror guramasy PKK-a degişli ok-däri, elde ýasalan partlaýjy we gündelik ýaşaýyş üçin gerek bolan zatlar ele salyndy. 



Degişli Habarlar