Prezident Erdogan Katara sapar gurar

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan 1 ýyl soň resmi sapar bilen şu gün Katara gider

1743333
Prezident Erdogan Katara sapar gurar

Prezident Erdogan paýtagt Dohada Kataryň Emiri Şyh Temim Bin Hamed Al Sani tarapyndan resmi dabara bilen garşylanar.

Liderler garşylama dabarasyndan soň özara duşuşyk geçirerler.

Duşuşykda Türkiýe bilen Kataryň arasyndaky özara gatnaşyklar ähli taraplaýyn ara alnyp maslahatlaşylar.

Erdogan bilen Al Sani Owganystan, Siriýa we Liwiýa ýaly halkara meseleler hakynda hem pikir alyşar.

Prezident Erdoganyň resmi saparynyň çäginde Türkiýe-Katar ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşiniň 7-nji maslahaty geçirler.

Iki ýurdyň arasynda ilkinjisi 2015-nji ýylda geçirilen komitet maslahatlarynyň netijesinde söwdadan energetika, goranmakdan senagata çenli ençeme ugur boýunça 62 ylalaşyk baglaşyldy. 

Prezident Erdogan we Al Sani tarapyndan ýolbaşçylyk ediljek 7-nji maslahatda biri-birinden tapawutly ugurlar boýunça ylalaşyklaryň baglaşylmagyna garaşylýar. 



Degişli Habarlar